Turkmenportal logo
20.08.2026
99039903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdirýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 19-njy awgustda öz işine başlan «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdirýär.

Serginiň pawilýonlary bezelen mahalynda guramaçylar türkmen halkynyň maşgala gymmatlyklaryna uly hormat goýýandygyna aýratyn üns berdiler.

Şonuň üçin sergi diňe bir telekeçiligiň mümkinçiliklerini görkezmek üçin netijeli meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem ene-atalar we çagalar üçin dürli çäreleriň toplumyny hem öz içine alýar.

Dürli oýnawaçlaryň, stol üstünde oýnalýan oýunlaryň we çagalaryň başarnyklaryny ösdürmäge niýetlenen okuw gollanmalarynyň ýerleşdirilen diwarlyklarynyň öňünde aýratyn köp adam görmek bolýar.

Serginiň çäklerinde tebigat, tehnika we anatomiýa ýaly ugurlar boýunça güýmenje tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýörite zolaklar hereket edýär. Olar çagalaryň geljekki hünärlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam berýär.

Tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda ýaş myhmanlar serginiň dowam edýän günleriniň dowamynda döredijilik, tehnologiýa we aşpezlik boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp bilerler. Şeýle hem olar açyk meýdançada küşt oýnap, wirtual we sanly dünýä, şeýle-de ylmyň dürli ugurlary baradaky düşünjelerini giňeldip bilerler.

Halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilýän günlerinde robototehnika boýunça taslamalaryň tanyşdyrylyşy, mental arifmetika boýunça ýaryşlaryň guralmagy, şeýle hem çagalaryň egin-eşikleriniň görkezilişi meýilleşdirilýär.

Geçirilýän çäreler çagalara ýatdan çykmajak täsirleri we şatlykly pursatlary bagyşlar.

Ýatladyp geçsek, serginiň maksatnamasy bilen degişli salgylanma girmek arkaly tanşyp bilersiňiz.

Sergi 22-nji awgusta çenli dowam eder.