Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna bardy hem-de bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu barada «Watan» habar gepleşiginde habar berildi.
Bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna we olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana binasy, düýpli döwrebaplaşdyrylýan «A» hem-de «B» binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenilen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, 4 gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda döredilýän mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişlerini girizdi. Şeýle hem döwlet Baştutany binalar toplumynyň mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleriniň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasy bilen tanyşdy hem-de bu ýerde alnyp barylýan işleri, kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.