Turkmenportal logo
19.08.2026
2463524635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Daýhanbank» Türkmenistanyň talyplaryna okuw töleglerini tölemek üçin ýyllyk 5 göterimli ýeňillikli karz hödürleýär

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky talyplara we olaryň maşgalalaryna «Talyp karzy» atly ýörite bank karzyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu barada bankda habar berdiler.

Bellenilişi ýaly, «Talyp karzy» atly ýörite bank karzy ýurtda durmuşa geçirilýän ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, şeýle hem hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek syýasatynyň çäklerinde ýola goýuldy.

«Talyp karzy» Türkmenistandaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe nagt däl görnüşde berilýär we diňe okuw töleglerini tölemek üçin niýetlenendir.

Maksatnamanyň şertlerine laýyklykda, karzyň möçberi 42 müň manada çenli bolup, ýyllyk göterim derejesi 5 göterim, karzyň möhleti bolsa 3 ýyl diýlip bellenildi.

Bank karzy bilen üpjün etmek üçin şu aşakdaky şertleri göz öňünde tutýar: karzyň möçberi 10 müň manada çenli bolan ýagdaýynda — bir ýa-da birnäçe raýatyň zamun durmagy; 15 müň manada çenli bolan karzlar üçin — iki ýa-da birnäçe raýatyň zamun durmagy; 15 müň manatdan ýokary we 42 müň manada çenli bolan karzlar üçin bolsa — girew üpjünçiligi talap edilýär.

Bankda şeýle hem karzdan peýdalanmak isleýän müşderileriň arzalarynyň we zerur resminamalarynyň onlaýn görnüşde, şol sanda bankyň resmi internet saýtynyň üsti bilen hem kabul edilýändigini ýatlatdylar: www.dayhanbank.gov.tm.

Goşmaça maglumatlary almak üçin «Daýhanbankyň» ýurduň sebitleri boýunça şu telefon belgilerine jaň edip, ýüzlenip bilersiňiz:

  • Aşgabat ş.: (+993 12) 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85;

  • Ahal welaýaty: (+993 137) 33-4-39;

  • Balkan welaýaty: (+993 246) 52-1-51;

  • Daşoguz welaýaty: (+993 322) 93-5-07;

  • Lebap welaýaty: (+993 422) 91-3-48;

  • Mary welaýaty: (+993 522) 67-6-40.