Turkmenportal logo
19.08.2026
1476414764
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadagyň» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň tertibini yglan etdi. Mundan öň BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» toparlarynyň ýaryşyň «B» toparçasynda «Arkadagyň» garşydaşlary bolandygy habar berlipdi.

Türkmen kluby toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny 15-nji sentýabrda «Al-Muharrak» toparyna garşy geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar. Ikinji tapgyrda, 14-nji oktýabrda, «Arkadag» myhmançylykda «Al-Jazira» bilen duşuşar.

Üçünji tapgyrda, 28-nji oktýabrda, «Arkadag» «Gol Gohar» bilen duşuşar. Bu oýun eýran klubynyň ýaryşdaky şertli öý duşuşyklaryny geçirjek ýeri bolan Täjigistanda bolar. Jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler.

Türkmen topary toparçalaýyn tapgyrdaky çykyşyny 25-nji noýabrda «Al-Muharrak» we 9-njy dekabrda «Al-Jazira» bilen geçiriljek duşuşyklar bilen tamamlar.

Türkmen kluby öý duşuşyklaryny Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk öz stadionynda geçirer.

«B» toparçada «Arkadagyň» duşuşyklarynyň tertibi:

  • 1-nji tapgyr, 15-nji sentýabr, 18:45 — «Arkadag» – «Al-Muharrak»

  • 2-nji tapgyr, 14-nji oktýabr, 20:00 — «Al-Jazira» – «Arkadag»

  • 3-nji tapgyr, 28-nji oktýabr, 18:45 — «Gol Gohar» – «Arkadag»

  • 4-nji tapgyr, 4-nji noýabr, 18:45 — «Arkadag» – «Gol Gohar»

  • 5-nji tapgyr, 25-nji noýabr, 19:00 — «Al-Muharrak» – «Arkadag»

  • 6-njy tapgyr, 9-njy dekabr, 18:45 — «Arkadag» – «Al-Jazira»