Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy Singapurda geçiriljek halkara FIBA 3x3 «U23 Nations League 2026» ýaryşyna gatnaşjak 23 ýaşa çenli erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň düzümini yglan etdi.
Erkekler ýygyndysynyň düzümine Döwlet Narmyradow, Baýramdurdy Geldiýew, Roman Seleznýow, Baky Gurbanow we Alyjan Begjanow girýär. Baş tälimçi — Ýewgeniý Nazipow.
Zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Jennet Hajymämmedowa, Ranajan Ýakubowa, Mariýa Salmina, Farangiz Saidowa we Maral Merdanowa çykyş ederler. Topara Mährijemal Jumageldiýewa ýolbaşçylyk eder.
FIBA-nyň 3x3 «U23 Nations League 2026» ýaryşy 20–26-njy awgust aralygynda Singapurda geçiriler. Türkmenistanyň ýygyndy toparlary Asia West/Pacific konferensiýasynda Awstraliýanyň, Singapuryň, Saud Arabystanynyň, Kataryň we Bahreýniň ýygyndylary bilen bäsleşerler.
20-nji awgustda geçiriljek ýaryşyň ilkinji tapgyrynda Türkmenistanyň toparlary «B» toparçada Awstraliýanyň we Kataryň ýygyndylaryna garşy çykyş ederler.
Türkmenistanyň wagty bilen duşuşyklaryň geçiriljek tertibi:
10:55 — Katar – Türkmenistan, erkekler
12:20 — Katar – Türkmenistan, zenanlar
14:10 — Türkmenistan – Awstraliýa, zenanlar
14:35 — Awstraliýa – Türkmenistan, erkekler