Aziýanyň Olimpiýa geňeşi (AOG) we Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti Aýti-Nagoýada Aziýanyň iň iri köp görnüşli sport çäresiniň başlanmagyna bir aý galandygyny habar berýän hasaplamasyna badalga berlendigini mälim etdiler. Aziýa oýunlary 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde geçiriler.
Ýaryşa 45 ýurtdan 11 müňden gowrak türgeniň we 6 müň resmi wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. 16 günüň dowamynda türgenler sportuň 43 görnüşi we 71 ugry boýunça maksatnamanyň 469 görnüşinde jemi 1407 medal ugrunda bäsleşerler.
Aýti-Nagoýada geçiriljek oýunlar 1958-nji ýylda Tokioda we 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlaryndan soň Ýaponiýanyň kabul edýän üçünji Aziýa oýunlary bolar. Çäre «Imagine One Asia» («Bitewi Aziýany göz öňüne getir») şygary astynda geçiriler.
AOG-nyň prezidenti şeýh Joan bin Hamad Al-Tani oýunlaryň Aziýanyň Olimpiýa maşgalasyndaky iň iri we iň köpdürli yklym hökmünde jebisleşmeginiň güýjüni, raýdaşlygyny we umumy garaýşyny şöhlelendirýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ýaponiýanyň iri sport çärelerini geçirmekde dünýä derejesindäki baý tejribesi bar. Aýti-Nagoýa-2026 bolsa geljekki oýunlar üçin täze ölçegleri kesgitläp, Aziýa sportunyň ýaş nesline ylham berer.
Oýunlaryň geçirilmegine 10,2 müň meýletinçi gatnaşar, ýaryşlary bolsa 5,3 müň akkreditlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili şöhlelendirer. Göni ýaýlymlara dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe million janköýeriň tomaşa etmegine garaşylýar.
AOG-nyň baş direktory Huseýin Al-Musallam ýapon tarapyna aziýaly türgenler üçin sport desgalaryny taýýarlandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol oýunlaryň diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem tutuş Aziýada millionlarça adamyň ýadynda galjak ýatlamalary döredip, sport arkaly dostlugy pugtalandyrjakdygyny we yklymyň medeni köpdürlüligi arkaly parahatçylygy öňe sürjekdigini belledi.
Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda, ýapylyş dabarasy bolsa 4-nji oktýabrda geçiriler.