Turkmenportal logo
19.08.2026
1329613296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin — 2026» halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde çaga harytlary senagatyny, bilimi, döredijiligi, sporty we maşgala dynç alyşyny birleşdirýän uly göwrümli meýdança bolan «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

Serginiň umumy meýdany 8 müň inedördül metre golaýdyr. Onuň geçirilýän günleriniň dowamynda bu ýere 10 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Gutlagda şeýle bellenilýär:

«Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder».

Serginiň esasy tematik ugurlarynyň arasynda täze doglan çagalar üçin harytlar, bilim we öwrediji häsiýetli, innowasion tehnologiýalar, ekologik taýdan arassa önümler, göwün açmak üçin güýmenjeler we döredijilik, çaga modasy, saglyk we sport, kitaplar hem-de edebiýat bar.

Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde çaga zehinleri zolagy, Küşt mekdepleriniň bütindünýä federasiýasynyň amaly sapaklary (master-klaslary), hünärler şäherçesi, STEM-ylmy zolagy, planetariý, maslahatlar zolagy hem-de Art-zolagy ýaly meýdançalar işleýär.

Serginiň maksatnamasy bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Sergi 19-njy awgustdan 22-nji awgust aralygynda (şol güni hem öz içine almak bilen) şu salgyda işlär: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy, Çandybil şaýoly, 143.

  • Iş wagty: 19 — 21-nji awgust aralygynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli; 22-nji awgustda sagat 09:00-dan 13:00-a çenli.

  • Barýan awtobuslar: Sergi geçirilýän ýere şäher içindäki № 35, 54, 56, 57, 58, 103, 121-nji ugurly awtobuslar bilen baryp bolýar.