Turkmenportal logo
19.08.2026
1008610086
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Gazagystanyň Gurultaýyna geçiriljek saýlawlara synçy hökmünde gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri Gazagystanda 23-nji awgustda geçirilmegi meýilleşdirilýän Gurultaýyň saýlawlarynyň barşyna halkara synçy hökmünde gatnaşmak üçin akkreditirlendi.

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary Muhtar Ýermanyň belleýşi ýaly, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Merkezi saýlaw toparyna 18 daşary ýurt döwletinden we 5 halkara guramasyndan jemi 121 synçynyň dalaşgär hökmünde akkreditirlemek üçin hödürlendi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.

«Şolaryň hatarynda GDA-nyň Synçylar wekiliýetinden 8 adam, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasyndan 4 dalaşgär, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň (DIAHB) Synçylar wekiliýetinden 7 synçy, ŞHG-nyň Wekiliýetinden 6 dalaşgär, Türki döwletleriň Akademiýasyndan 3 synçy bar. Şeýle hem Hytaý, ABŞ, Taýland, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Mongoliýa, Hindistan, Indoneziýa, Fransiýa, Yrak, Slowakiýa, Özbegistan, Filippinler, Ýaponiýa, Belgiýa, Iordaniýa, Serbiýa we Türkmenistan ýaly ýurtlardan 93 synçy gatnaşar» — diýip, Ýerman nygtady we halkara synçylaryň bellige almaklygyň 17-nji awgustda tamamlanandygyny aýtdy.