Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Ata Watanymyzda ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil tilsimatlardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda ýaş raýatlaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işlemegi, bilim-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan mekanynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň asylly däbe öwrülip, Diýarymyzda her ýyl giň gerimde guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder» diýip bellenilýär.
«Türkmenistan çagalyk, ýetginjeklik döwrüni adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şu günki açylýan halkara sergi-ýarmarkada hem çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň, sportuň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanan bölümleriň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýurdumyzda emele getirilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerine, olaryň ukyp-başarnyklaryny, köptaraply zehinini ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge şert döredýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka şol köptaraply mümkinçilikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen birlikde, özboluşly bäsleşikleriň, gyzykly ýaryşlaryň guralýan ýerine, ene-atalar we çagalar üçin baýramçylyk çäresine öwrüler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.