Turkmenportal logo
18.08.2026
1535015350
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Helsinkide okuw saparynda bolýarlar 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri 17 — 22-nji awgustda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guralýan «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäklerindäki okuw saparyna gatnaşýarlar. Bu çäre sanly özgertmeler, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastrukturany ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmaga, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Taslama Laurea Amaly ylymlar uniwersitetiniň binýadynda Finlýandiýanyň HAUS Döwlet dolandyryş instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihlyýew bilen taslamanyň ýolbaşçylarynyň arasynda baý mazmunly duşuşyklar geçirildi. Taraplar geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, özara hyzmatdaşlygyň ilkinji derejeli ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de akademik we ylmy mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň möhüm netijesi hökmünde taslamanyň bir bölegini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda durmuşa geçirmek barada ylalaşyga gelindi.

«Digital Connectivity in Central Asia» taslamasy has giň gerimli C4CA sebitleýin taslamasynyň düzüm bölekleriniň biri bolup, öňdebaryjy sanly aragatnaşyk ulgamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy şekillendirmäge gönükdirilendir. 

Iş saparynyň dowamynda gatnaşyjylar Finlýandiýanyň sanly ösüşi, elektron infrastrukturasy, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary bilen sanly çözgütleri ýokary bilim ulgamyna we döwlet dolandyryşyna ornaşdyrmak babatyndaky tejribesi bilen tanyşdylar.