Turkmenportal logo
18.08.2026
1677716777
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mingazowyň «Kitçi» toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçasyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň çykyş edýän topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň Gündogar zolagynyň toparçalaýyn tapgyrynda Günorta Koreýanyň «Kanwon», Malaýziýanyň «Kuçing Siti» we Kambojanyň «Pnompen Kraun» toparlary bilen duşuşar. Toparlar «H» toparçasynda çykyş etdiler.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna jemi 32 topar gatnaşar. Olar sekiz toparça bölünýär: Günbatar zolagynda dört, Gündogar zolagynda hem dört toparça bolar. Her toparçadan iň gowy netijäni görkezen iki topar pleý-off tapgyryna çykar. Toparçalaýyn tapgyryň ilkinji duşuşyklary 15–16-njy we 16–17-nji sentýabrda geçiriler. Ýaryşyň finaly 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler.

Mundan ozal türkmenistanly ýarym goragçy Mingazowyň Gonkongyň «Kitçi» topary bilen şertnamasyny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaldandygy habar berlipdi. 34 ýaşly futbolçy 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu klubyň düzüminde çykyş edip gelýär. Geçen möwsümde ol toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolup, çempionatda 4 gol geçirip, 8 gol getiren pas berdi. Şeýle hem Mingazow ilkinji gezek «Kitçi» toparyny meýdança kapitanlyk daňysy bilen çykardy. 2025/26-njy möwsümiň netijeleri boýunça klub Gonkongyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy.

AFK-2 Çempionlar ligasyna Türkmenistanyň «Arkadag» topary hem gatnaşýar. Emma Gündogar we Günbatar zolaklarynyň toparlary finala çenli özara duşuşmaýarlar. Bije çekişligiň netijesinde «Arkadag» Günbatar zolagynyň «B» toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» toparlary bilen duşuşar.