Turkmenportal logo
18.08.2026
1447014470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçiriljek «Kids EXPO: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda çagalaryň saglygy barada maslahatlar berler

2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Kids EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde guraljak maslahatlar meýdançasynda «Çagalarda duýduryjy alamatlar: haçan haýal etmän lukmançylyk kömegine ýüz tutmaly?» diýen temadan sapaklar geçiriler. Maslahat beriş söhbetdeşliginde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň müdiriniň orunbasary Gülaram Joraýewa çykyş eder. Bu çykyş iki gezek — 20-nji awgustda sagat 16:00-dan 17:00-a çenli hem-de 22-nji awgustda sagat 12:00-dan 13:00-a çenli guralar.

Çärede gatnaşyjylara ata-eneleriň çagalaryň saglygynda haýsy alamatlara aýratyn üns bermelidigi we haýsy ýagdaýlarda haýal etmän lukmana ýüz tutmalydygy barada giňişleýin maglumat berler.

Mundan başga-da, serginiň dowam edýän dört gününiň çäklerinde maslahatlar meýdançasynda çagalaryň saglygyna we ösüşine bagyşlanan birnäçe beýleki sapaklar hem geçiriler.

19-njy awgust (çarşenbe)

  • 10:30–11:00 — «Dişleriň çalyşýan döwründe eneler näme etmeli? Süýt dişlerini bejermek we olaryň öňüni alyş çäreleri» (Aýlar Gurbanowa, lukman-ortodont, «ROKS» diş pastasynyň Türkmenistandaky lukmançylyk wekili)

  • 14:00–15:00 — «Ömrüň ilkinji 1000 güni: her bir çaga üçin iň gowy başlangyç» (Gülaram Joraýewa)

  • 16:00–17:00 — «Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge sary ynamly ädimler» (Gülaram Joraýewa)

20-nji awgust (penşenbe)

  • 10:00–11:00 — «Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge sary ynamly ädimler» (Gülaram Joraýewa)

  • 11:30–12:00 — « Dişleriň çalyşýan döwründe eneler näme etmeli?» (Aýlar Gurbanowa)

  • 13:00–14:00 — «Sagdyn ösüş üçin iýmitlenme: ilkinji goşmaça iýmitlerden soňky dogry iýmitlenme» (Güläram Joraýewa)

  • 16:00–17:00 — «Çagalarda duýduryjy belgiler: haçan haşlaşman lukmançylyk kömegine ýüz tutmaly?» (Gülaram Joraýewa)

21-nji awgust (anna)

  • 10:00–11:00 — «Ömrüň ilkinji 1000 güni: her bir çaga üçin iň gowy başlangyç» (Gülaram Joraýewa)

  • 11:30–12:00 — « Dişleriň çalyşýan döwründe eneler näme etmeli?» (Aýlar Gurbanowa)

  • 13:00–14:00 — «Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge sary ynamly ädimler» (Gülaram Joraýewa)

  • 15:00–16:00 — «Çaganyň beýnisiniň ösüşi we oňyn ata-enelik» (Sülgün Berdiýewa we Näzik Akyýewa, ÝUNISEF-iň maslahatçylary)

22-nji awgust (şenbe)

  • 10:00–11:00 — «Ene süýdi bilen iýmitlendirmäge sary ynamly ädimler» (Gülaram Joraýewa)

  • 11:00–12:00 — «Sagdyn ösüş üçin iýmitlenme: ilkinji goşmaça iýmitlerden soňky dogry iýmitlenme» (Gülaram Joraýewa)

  • 12:00–13:00 — «Çagalarda duýduryjy alamatlar: haçan haýal etmän lukmançylyk kömegine ýüz tutmaly?» (Gülaram Joraýewa)

  • 13:30–14:00 — « Dişleriň çalyşýan döwründe eneler näme etmeli?» (Aýlar Gurbanowa)

Guramaçylaryň bellemegine görä, maslahatlar meýdançasy, ilkinji nobatda, ata-eneler üçin niýetlenen bolup, serginiň ähli günlerinde mugt esasynda işlär.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.