Kataryň «Al Jazeera» teleýaýlymy Niderlandlarda geçiriljek halkara atçylyk ýaryşyna bagyşlanan materialy çap etdi. Ýaryşyň maksatnamasyna ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi hem girizildi.
Neşiriň habar bermegine görä, çäre 4-nji sentýabrda atlaryň gözellik bäsleşigi we at münmek boýunça görkezme çykyşlary bilen başlanar. Ertesi gün — 5-nji sentýabrda eminler dürli ugurlar boýunça ýeňijileriň arasyndan ýaryşyň çempionyny kesgitlärler. Maksatnamada atlary iň gowy bezemek bäsleşigi we konkur boýunça ýaryşlar hem göz öňünde tutulýar.
«Al Jazeera» sport maksatnamasyndan başga-da, ýaryşyň türkmen sungatyna, medeniýetine we atçylyk däplerine bagyşlanan sergi bilen utgaşdyryljakdygyny belleýär. Şeýle hem ahalteke atlarynyň tohumyny köpeltmek we bu ugur bilen bagly däp-dessurlary gorap saklamak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljak ylmy maslahat geçiriler. Oňa alymlar we atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenler gatnaşar.
Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, guramaçylar ýaryşa tomaşaçylara diňe bir sport tarapyny däl, eýsem ahalteke atlarynyň medeni ähmiýetini hem görkezmegi maksat edinýärler. Çärä sungat işgärleri we hünärmentler hem gatnaşar.
Ýaryş 6-njy sentýabrda medeni maksatnama we serginiň ýapylyş dabarasy bilen tamamlanar.