2024-nji ýylyň «Altyn top» baýragynyň eýesi, dünýä we Ýewropanyň çempiony ispan ýarym goragçysy Rodri «Barselona» klubynda çykyş eder. Bu barada ol Barselona şäherine gelenden soň aýtdy. Žurnalist Fabrisio Romano onuň sözlerini X sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşdy.
«Barselona» üçin oýnamak — meniň arzuwym. Topardaky ýoldaşlaryma goşuljak pursadyma sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Biz Çempionlar ligasyny we beýleki ähli ýaryşlary gazanmak üçin göreşeris» — diýip, Rodri aýtdy.
Mundan ozal Rodriniň «Barselona» bilen baglaşjak şertnamasynyň 2030-njy ýyla çenli dowam etjekdigini Fabrisio Romano habar beripdi.
Rodri 30 ýaşynda. Ol 2019-njy ýyldan bäri Angliýanyň «Mançester Siti» toparynda çykyş edip gelýär. Ondan öň futbolçy Ispaniýanyň «Atletiko» we «Wilýarreall» toparlarynyň düzüminde oýnapdy. Ispaniýaly futbolçy Angliýanyň dört gezek çempiony, Angliýanyň Ligalar kubogynyň üç gezek eýesi, Angliýanyň kubogynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň iki gezek eýesi, şeýle hem Çempionlar ligasynyň, Angliýanyň Superkubogynyň we Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisidir.
Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempionatynda (2026), Ýewropa çempionatynda (2024) we Milletler ligasynda (2023) ýeňiş gazandy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Rodri ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.
2024-nji ýylda ol «France Football» žurnalynyň dünýäniň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan baýragy bolan «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy. Rodri «Altyn top» baýragyna mynasyp bolandan soň «Barselona» geçen taryhdaky ikinji futbolçy boldy. Ondan öň muny diňe Niderlandlaryň futbolçysy Ýohan Kroýff başarypdy: ol ilkinji «Altyn top» baýragyny 1971-nji ýylda gazanyp, 1973-nji ýylda «Barselona» geçipdi.