Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadylyp, bu wezipelere Söýençnazar Nurnazarowiç Selimow bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maglumat üçin ýatlatsak, Döwlet Jumaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda bellenilipdi. Ol şol wagta çenli Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işledi.