Turkmenportal logo
Şu gün 13:07
28882888
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen futbolçysy Jumagulyýew Türkiýede höwesjeň klublaryň ligasynyň çempiony boldy

Türkmen futbolçysy Haýytmyrat Jumagulyýew Türkiýäniň «Çamlytepespor» (Körfez Çamlıtepespor) klubyndaky ilkinji möwsüminde Kojaeli welaýatynyň Ikinji höwesjeňler ligasynyň çempiony boldy. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

20 ýaşly futbolçy geçen möwsümiň tamamlanmagyna alty tapgyr galanda toparyň düzümine goşuldy we dessine esasy düzümde çykyş edip başlady. Ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşyklarynda ol kluba ligada birinji orny eýelemäge ýardam eden gollary geçirdi. Final duşuşygynda hem ol gol geçirip, tapawutlanmagy başardy. Möwsümiň netijeleri boýunça «Çamlytepespor» Kojaeli welaýatynyň Birinji höwesjeňler ligasyna çykdy. Bu liga türk futbolynyň basganjagynda ähmiýeti boýunça altynjy derejedäki diwiziondyr.

Klub Stambula golaýda, Marmara sebitiniň Kojaeli welaýatyndaky Körfez şäher häkimligine wekilçilik edýär. Öý duşuşyklaryny «Körfez Esentepe» stadionynda geçirýär. Topar ýerli ilatdan we uniwersitetiň gurşawyndan ýaş zehinleri çekmäge aýratyn ähmiýet berýär. Muňa Kojaeli uniwersitetiniň golaýda ýerleşmegi hem ýardam edýär.

Jumagulyýew futbol ýoluna Türkmenistanyň «Köpetdag» klubynyň ýaşlar toparynda başlady. Soňra ol Stambulda fransuzlaryň «Pari Sen-Žermen» klubynyň akademiýasynda taýýarlygyny dowam etdirdi. Türk metbugatynyň maglumatlaryna görä, ol 2024-nji ýylyň ýanwarynda PSŽ klubynyň akademiýasy tarapyndan guralan ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Oňa sowgat hökmünde Marokkonyň ýygyndysynyň kapitany, PSŽ klubynyň oýunçysy Aşraf Hakiminiň awtografly futbol köýnegi gowşuryldy.

Türkmen futbolçysy Türkiýede Çorum şäheriniň «Dudurgaspor» klubynyň düzüminde-de çykyş etdi we «Eýýupspor» klubunda synagdan geçdi. Jumagulyýew sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda Kojaeli uniwersitetiniň bedenterbiýe we sport fakultetiniň birinji kursunda okaýar.

Ýerli metbugatyň habarlaryna görä, ýaş futbolçynyň üstünlikli çykyşy Türkiýäniň we daşary ýurtlaryň birnäçe klubynyň ünsüni özüne çekdi. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe onuň başga kluba geçmegi boýunça resmi teklip gelip gowuşmady. Täze möwsümde Jumagulyýew Kojaeli welaýatynyň Birinji höwesjeňler ligasynda «Çamlytepesporyň» düzüminde çykyş etmegini dowam etdirer.