Turkmenportal logo
Şu gün 10:31
20432043
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň küşt çempionlary Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» sergisine gatnaşarlar

Dünýäniň küşt çempionlary, grossmeýsterler — Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Aziýanyň Küşt federasiýasynyň wise-prezidenti Darmen Sadwakasow hem-de Türk küşt assosiasiýasynyň (TŞA) we Azerbaýjanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, zenan grossmeýster Ilaha Kadymowa Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly Halkara sergi-ýarmarkasynyň küşt maksatnamasyna gatnaşarlar.

Myhmanlar ýurduň iň güýçli küştçüleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Ilaha Kadymowa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň türgenleri üçin okuw sapaklaryny geçirer. Şeýle hem ýurduň ýaşlar ýygyndysy üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Serginiň küşt maksatnamasynyň esasy wakasy 19–20-nji awgustda geçiriljek rapid we blis küşt oýny boýunça halkara «Kids Expo Chess Cup 2026» ýaryşy bolar. Mundan başga-da, sergä gelýän dürli ýaşdakylar üçin baýramçylyk çäreleri we işewürlik maksatnamasy guralar.

Küşt ýaryşynyň we festiwalynyň guramaçylary hem-de hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy (MŞKF), Türk küşt assosiasiýasy (TŞA), Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň «Freedom Asian Chess Initiatives» (FACI) maksatnamasy, «Freedom» kompaniýalar topary hem-de «TurkmenExpo» kompaniýasydyr.