Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilionynyň gurluşyk-gurnama we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.