Turkmenportal logo
Şu gün 11:05
53665366
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çärjew hem-de Farap etraplarynda döwrebap orta mekdepler ulanylmaga beriler

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda 2026-2027-nji okuw ýylyna görlen taýýarlyk işleri doly tamamlandy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi

Göz öňünde tutulýan taýýarlyk işleri bilen bir hatarda täze okuw ýylynyň bosagasynda Çärjew hem-de Farap etraplarynda döwrebap orta mekdepleriň 2-si dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga beriler.

Häzirki wagtda Lebap welaýaty boýunça orta mekdepleriň 393-si, kömekçi mekdep-internatlarynyň 3-si, çagalar baglarynyň 284-si hem-de welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek maksady bilen bu edaralaryň ählisinde ýeňil abatlaýyş, arassaçylyk we daş-töwerekleri abadanlaşdyrmak işleri talabalaýyk geçirildi.

Okuw sapaklarynyň täsirli we netijeli geçmegini üpjün etmek maksady bilen synp otaglary döwrebap görkezme esbaplary, multimediýa we sanly tehnologiýalar, interaktiw tagtalar hem-de lingafon enjamlary bilen doly üpjün edildi. Çagalar baglarynyň oýun hem-de sport meýdançalarynda-da abatlaýyş işleri geçirildi.