Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem mundan beýläk bu oňyn gatnaşyklary utgaşdyrmagyň we amaly hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar.
Öňde duran bilelikdäki çärelere we BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek we Hazar deňzini gorap saklamak boýunça bilelikdäki tagallalaryň wajyplygy bellenildi.