Turkmenportal logo
Şu gün 17:01
22512251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Germaniýada ylmy tejribelik geçýärler

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehniki uniwersitetinde emeli aňyň ulanylmagyna, metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyň usullaryna bagyşlanan halkara ylmy-barlag tejribeligi geçirilýär. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guralan bu maksatnama 2026-njy ýylyň 25-nji iýulyndan 16-njy awgustyna çenli dowam edýär.

Tejribelige Türkmenistanyň wekilleri — ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr ylmy işgärleri, şeýle hem Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşýarlar.

Saparyň esasy maksady emeli aň we maşyn arkaly öwrenmek ýaly innowasion sanly tehnologiýalaryň önümçilik işlerinde we energetika ulgamlarynda ulanylmagy boýunça halkara tejribäni özleşdirmek, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri Klaustal uniwersitetinde nemes professorlary we ylmy işgärleri bilen bilelikde emeli aňyň esasy ýörelgeleri, gyşarmalary we kadadan çykmalary ýüze çykarmagyň usullary, neýron torlary bilen işlemek, şeýle hem emeli aňy senagat önümçiligine ornaşdyrmagyň amaly çemeleşmeleri bilen tanyşýarlar.

Maksatnamanyň ýakyn günlerinde türkmen hünärmenleri uniwersitetiň ylmy merkezlerinde guýularyň bitewüligi, çuň buraw işleri we fotoelektrik ulgamlaryny modelirlemek bilen bagly ugurlar boýunça bilelikdäki ylmy-barlag işlerine gatnaşarlar. Şeýle hem iri önümçilik desgalaryna — kükürtli gazy gaýtadan işleýän zawoda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň esasynda işleýän gün we ýel elektrik stansiýalaryna amaly saparlaryň guralmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu tejribelige gatnaşmagy ýurduň «ýaşyl ykdysadyýeti», ylmy-inženerçilik we innowasion sanly tehnologiýalary, şeýle hem alternatiw energetikany ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine goşant hökmünde baha berilýär. Saparyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtala