Turkmenportal logo
Şu gün 15:19
23542354
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GIZ Pagtaçylyk ylmy-barlag institutyna toprak gözegçiligi üçin enjamlary gowşurdy

Türkmenistanyň Obalygy hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty toprak we ýer serişdeleriniň ýagdaýyna toplumlaýyn gözegçilik etmek üçin täze enjamlary aldy. Tehnikany gowşurmak dabarasy 11-nji awgustda geçirildi.

Institut topragyň dürli gatlaklaryndan nusga almak üçin el burawyny, topragyň çyglylygyny ölçemek üçin tenziometrler toplumyny, çarçuwaly we ştatiwli niweliri, topragyň dykyzlygyny baha bermek üçin penetrometri hem-de topragy seljermek üçin göçme meýdan barlaghanasyny aldy.

Enjamlaryň gowşrulmagyndan başga-da, hünärmenler üçin olary işletmek boýunça gözükdiriş geçirildi we institutyň tejribe meýdançasyna meýdan çykyşy guraldy. Hünärmenler ol ýerde tehnikany, hususan-da, niweliri hakyky şertlerde barlap gördüler. Onuň kömegi bilen ýerleriň beýiklik tapawutlaryny takyk kesgitläp bolýar, bu bolsa suwaryş suwuny paýlanda relýefiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaga kömek edýär.

Geljekde barlaghana suwuň turşulygyny, elektrik geçirijiligini we minerallaşmasyny ölçemek üçin pH/EC-metr, ýerasty suwlaryň derejesini kesgitlemek üçin elektrik dereje ölçeýji we barlaghana distillýatory bilen üsti ýetiriler.

Bu başlangyç Germaniýanyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça we Beýik Britaniýanyň bilelikde maliýeleşdirmeginde GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada howanyň töwekgelçiliklerini dolandyrmak» maksatnamasynyň goldamagynda amala aşyrylyp, ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde ýöredilýär. Maksatnama Murgap derýasynyň basseýninde topragyň ýaramazlaşmagyny we gurakçylyk töwekgelçiliklerini azaltmaga gönükdirilendir.

Bar bolan maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň iýul aýynda Murgap basseýni sebitinde temperatura birnäçe hepdäniň dowamynda 43 — 48°C derejede saklandy, bu bolsa çyglylygyň ep-esli ýitirilmegine we oba hojalyk ekinleriniň ösüşiniň (wegetasiýasynyň) haýallamagyna getirdi. Derýa akymynyň azalmagy we suw ýetmezçiligi ýerleriň şorlaşmagyny artdyrýar, ýokary temperatura bolsa topragyň gurluşyna ters tasir edýär. Şunlukda, döwrebap enjamlary peýdalanmak bilen geçirilýän yzygiderli gözegçilik topragyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň gurallarynyň biri hökmünde görülýär.