Turkmenportal logo
Şu gün 12:01
34133413
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy öz netijelerini berýär

Ozal habar berşimiz ýaly, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Toplum-1» şertnamalaýyn zolagynyň çäginde ýerleşýän «Magtymguly» ýatagynda tebigy gazyň täze akymy alyndy.

Uglewodorod çykarmak önümçiligindäki bu üstünlik «Türkmennebit» döwlet konserniniň Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň miwesidir. Bu hyzmatdaşlygyň ýola goýlanyna 2026-njy ýylda 30 ýyl boldy.

Bu döwürde Hazar deňzinde we kenarýaka zolagynda nusgalyk önümçilik düzümi döredildi: 5 sany döwrebap platforma guruldy, gözleg, baha beriş we önümçilik maksatly 40-a golaý guýy burawlandy. Bu barada tngizt.gov.tm saýty habar berýär.

Bilelikdäki işleriň netijesinde bu ýerde 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy. Şeýle hem gazy gaýtadan işleýän zawod we kenarýaka gaz terminaly ýaly iri desgalary öz içine alýan toplum işe girizildi.

Häzirki wagtda guýyny özleşdirmek boýunça işler başlangyç tapgyrda dowam etdirilýär. Geljekde öndürilýän önümiň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň 19-njy we 20-nji bloklaryny özleşdirmek, şeýle-de 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda 2D seýsmiki gözleg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar — diýip, çeşme belleýär.