Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma 6-njy awgustda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyrmak boýunça iş toparynyň 94-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada asiaplus.tj saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň suwaryş möwsüminde Syrderýa we Amyderýa howdanlarynda ozal ylalaşylan suw almak çäklendirmeleriniň hem-de suw howdanlarynyň iş tertibiniň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda täze çäklendirmeler tassyklanmady. Olar iş toparynyň aprel aýynda Buhara şäherinde geçirilen öňki mejlisinde ylalaşylypdy.
Kabul edilen ylalaşyklara laýyklykda, möwsüm üçin Syrderýadan alynjak suwuň umumy möçberi 11,884 milliard kub metre deňdir. Şol möçberiň 1,905 milliard kub metri Täjigistana, 8,8 milliard kub metri Özbegistana, 909 million kub metri Gazagystana, 270 million kub metri bolsa Gyrgyzystana bölünip berildi.
Amyderýa boýunça bolsa 1-nji aprelden 1-nji oktýabra çenli döwür üçin 39,772 milliard kub metr suw göz öňünde tutuldy. Şol möçberden Täjigistanyň paýyna 7,052 milliard kub metr, Türkmenistanyň paýyna 15,5 milliard kub metr, Özbegistanyň paýyna bolsa 16,02 milliard kub metr suw düşýär. Amyderýanyň deltasy we Aral deňzi üçin ýene 2,1 milliard kub metr suw ätiýaçda saklandy.