Turkmenportal logo
Şu gün 12:05
42704270
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Garagum Ulag» «Toyota» awtoulaglaryň hakyky ätiýaçlyk şaýlarynyň we aksessuarlarynyň bahalaryny özüne düşýän gymmatyndan has pes nyrha arzanladýar

Türkmenistanyň «Toyota» kompaniýasynyň resmi dileri bolan «Garagum Ulag» müşderilere «Toyota» brendiniň käbir hakyky ätiýaçlyk şaýlaryny we firma aksessuarlaryny özüne düşýän gymmatyndan hem arzan bahadan hödürleýän ýörite arzanladyş çäresiniň başlanandygyny habar berdi.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, ýörite şertler çäkli görnüşdäki harytlara, şol sanda ammarda galan ätiýaçlyk şaýlarynyň käbir görnüşlerine degişlidir. Arzanladyşyň çäklerinde hödürlenýän ätiýaçlyk şaýlarynyň we aksessuarlarynyň ählisi «Toyota» kompaniýasynyň asyl önümleri bolup, olaryň hili we ygtybarlylygy boýunça bellenen standartlara laýyk gelýär.

«Garagum Ulag» kompaniýasynyň bellemegine görä, bu çäre boýunça arzanladylan bahalardan hödürlenýän harytlaryň mukdary çäklidir. Şonuň üçin müşderilere satyn almagy soňa goýmazlyk maslahat berilýär. Anyk harydyň bardygyny, onuň bahasyny we arzanladyş çäresine gatnaşmagyň şertlerini diler merkeziniň hünärmenlerinden anyklap bolýar.

Mundan ozal hem «Garagum Ulag» müşderiler üçin şuňa meňzeş ýörite teklipleri birnäçe gezek geçiripdi. Kompaniýa özüni Türkmenistanyň bazarynda «Toyota» kompaniýasynyň asyl önümlerini bäsdeşlige ukyply bahalardan hödürleýän üpjün ediji hökmünde görkezýär.

Habarlaşmak üçin:

Türkmenistanyň «Toyota» kompaniýasynyň resmi dileri — «Garagum Ulag» Hojalyk jemgyýeti

+993 (12) 43-70-57
+993 (65) 11-37-74

Salgysy: Oguzhan köçesi, 7/A (Aýtakow köçesi)

«Garagum Ulag» «Toyota» awtoulaglaryň hakyky ätiýaçlyk şaýlarynyň we aksessuarlarynyň bahalaryny özüne düşýän gymmatyndan has pes nyrha arzanladýar | Turkmenportal.com