Tort süýjüligi ençeme asyrlardan bäri baýramçylygyň aýrylmaz nyşany bolup, maşgalany we ýakynlary bir saçagyň başyna jemleýär. Wagtyň geçmegi bilen ýönekeý süýjülikler konditer sungatynyň ajaýyp eserlerine öwrüldi. Häzirki wagtda bolsa tortlar diňe bir ajaýyp tagamy üçin däl-de, eýsem özboluşly bezegi bilen hem uly islegden peýdalanýar.
Şol däpleri dowam etdirýän Zyýat Hil konditer önümleri ulgamy doglan günler, toý dabaralary, ýubileýler we beýleki şatlykly wakalar üçin tortlaryň giň görnüşini hödürleýär. Hödürlenýän görnüşleriň arasynda nusgawy tagamlar bilen bir hatarda dürli goşundyly, döwrebap we awtorçylyk bezegli süýjülikler hem bar.

Aýratyn isleg bildirilýän önümleriň biri hem sargyt boýunça taýýarlanýan tortlardyr. Zyýat Hil dükanynyň konditerleri müşderileriň isleglerine laýyklykda özboluşly tortlary taýýarlaýarlar. Olar ýokary hilli çig mallaryň saýlanylyşyna, bezegine we tagamyna aýratyn üns berýärler.
Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, baýramçylyk torty diňe bir süýji tagam bolmak bilen çäklenmän, eýsem maşgala däpleriniň we ýatdan çykmajak pursatlaryň möhüm bölegidir. Şonuň üçin bu ýerde taýýarlanýan her bir süýjülik diňe bir owadan bolman, eýsem hakykatdan-da täsirli we aýratyn bolmagy maksat edinýär.
Müşderiler üçin amatly bolar ýaly sargytlar her gün, dynç günsüz, sagat 08:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär. Şeýle hem 150 manatdan ýokary sargytlarda Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çäginde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Zyýat Hil bilen her bir baýramçylyk — doglan gün bolsun, maşgala dabarasy ýa-da dostlukly duşuşyk — ol ýatdan çykmajak şatlykly pursata öwrüler.

Zyýat Hil kompaniýasynyň firma dükanlary şu salgylarda ýerleşýär:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254.
Tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi.
Tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62
Gurtly-3 ýaşaýyş toplumy, 1-nji gat.
Tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63
Sosial ulgamlardaky resmi sahypasy.