5–7-nji awgust aralygynda Aşgabatdaky BMG-niň binasynda adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Oňa adatdan daşary ýagdaýlara dessin jogap bermek işleriniň öň hatarynda durýan Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň 30 hünärmeni gatnaşdy.
Çäre adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň milli ulgamyny pugtalandyrmak we pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçirildi. Okuw maslahatyny ÝUNISEF Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşy we halas ediş işleri boýunça Baş müdirligi bilen bilelikde, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde gurady we geçirdi.

Okuw sapaklaryny ilaty goramak boýunça milli we halkara hünärmenleri geçirdiler. ÝUNISEF-iň okuwlarynyň çäklerinde gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak meselelerine garadylar. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň hünärmenleri ilaty goramak boýunça halkara standartlaryň ulanylyşyna hem-de gorag meselelerini nazara almak bilen taýýarlygy üpjün etmegiň çemeleşmelerine degişli sebit we dünýä tejribesini hödürlediler. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň bilermenleri häzirki zaman töwekgelçiliklerine we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meselelerine, şeýle hem ynsanperwer işleriň halkara hukuk we syýasy esaslaryna bagyşlanan okuwlary geçirdiler.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Žanar Sagimbaýewanyň belleýşi ýaly, bu okuw maslahatynyň esasy maksady döwlet edaralarynyň kömege mätäç çagalary adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmazdan ozal, onuň dowam edýän döwründe we tamamlanandan soň öz wagtynda ýüze çykarmak, goramak we howpsuz ýagdaýda degişli hyzmatlara ugrukdyrmak üçin zerur bilimlere we özara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine eýe bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Okuw maslahatynyň geçirilmegi ÝUNISEF-iň Ählumymy ynsanperwer tematik gaznasynyň (Global Humanitarian Thematic Fund — GHTF) goldawynyň netijesinde mümkin boldy.