Turkmenportal logo
Şu gün 08:56
1012510125
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eminleriň aýry-aýry karary bilen Pauell «PFL Şarlotte» ýaryşynda Ýagşymyradowdan üstün çykdy

Beýik Britaniýaly garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Simeon Pauell «Professional Fighting League» (PFL) ýaryşynyň  Şarlottada geçirilen tutluşygynda türkmen söweşijisi, PFL-iň ozalky çempiony Döwletjan Ýagşymyradowdan üstün çykdy.

Ýarym agyr agram derejesindäki söweş eminleriň aýry-aýry karary bilen Pauelliň peýdasyna tamamlandy.

Bu ýeňişden soň Pauelliň hasabynda 13 ýeňiş we 2 ýeňliş bar. Ýagşymyradow bolsa 26 ýeňşi we 1 deňligi bilen 9-njy gezek ýeňlişe sezewar boldy.