Şu gün zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Säheriň sergin çagynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady.
Welosipedli gezelençler saglyk üçin örän peýdaly bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň gözelligini synlamaga mümkinçilik berýär. Boş wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da säher çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurtda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny bellemek ýakymly. Munuň özi welosiped sportunyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Hazaryň kenarynda döredilen tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlary we meýdançalary türgenleşikleri geçirmek hem-de halkara ýaryşlaryny guramak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Bu bolsa Awazanyň halkara sport merkezi hökmündäki derejesini hem artdyrýar.