Turkmenportal logo
Şu gün 15:32
19481948
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bäherden» tikin fabriginde ýedi aýda 400 müňe golaý önüm taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Bäherden» tikin fabriginde 2026-njy ýylyň geçen ýedi aýynyň önümçilik meýilnamasynyň 123 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bu ýerde 10 million 34 müň manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 107,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri tikin önümleriniň 391 müňden gowragy taýýarlanyldy. Şol önümleriň esasy bölegi buýurmalar esasynda tikilen ýöriteleşdirilen lybaslar we beýleki tikin önümleridir. Kärhana gelip gowuşýan sargytlaryň yzygiderli artmagy önümçilik işinde ekologiýa taýdan arassa nah matalaryň ulanylýandygy bilen baglanyşyklydyr.