Turkmenportal logo
Şu gün 14:00
30243024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Moý-adam: Täze gün» ýylyň iň köp kassa ýygymyny toplan film boldy
Surat: gazeta.ru

«Sony» we «Marvel» studiýalarynyň «Moý-adam: Täze gün» filmi kinoteatrlara çykan ilkinji hepdesinde 1,1 milliard dollar kassa ýygymyny toplap, bu ýylyň dünýä prokatynda iň girdejili film boldy. Bu barada «Variety» neşiri habar berdi.

Habarda Möý-adam baradaky täze filmiň ilkinji ýedi günde «Oýnawaçlaryň taryhy 5» filmini ilkinji orundan gysyp çykarandygy bellenýär. Bu multfilm iýunda prokata çykandan bäri 1,067 mlrd dollar gazandy.