Turkmenportal logo
Şu gün 13:10
36363636
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda talyplar üçin tanyşlyk duşuşygy guraldy
Surat: belgium.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda Aziýa ýurtlaryna, esasan hem, Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik edýän 30 talypdan ybarat toparyň gatnaşmagynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Bilim maksatnamasynyň ýaş gatnaşyjylary Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň işi, ýewropa diplomatiýasynyň esaslary we diplomatik wekilhanalaryň alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin Brýussele bardylar.

Maksatnamanyň çäginde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow talyplary ilçihananyň binasynda kabul etdi hem-de olara Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasynyň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi. Bu wekilhana şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň ýanynda hem Türkmenistana wekilçilik edýär.

Ilçi myhmanlara ýüzlenip, Türkmenistanyň taryhy, häzirki zaman ösüşi we baý medeni mirasy, şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige, özara hormat goýmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri barada gürrüň berdi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda gatnaşyjylara 2026-njy ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada maglumat berildi. Şeýle hem talyplara şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary tanyşdyryldy.

Ilçi türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde ahalteke bedewleriniň eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berip, bu özboluşly atlaryň Türkmenistanyň milli buýsanjydygyny, gözelligiň, wepalylygyň, ýyndamlygyň we nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara atçylyk we medeni çärelerine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. Geçiriljek çäreleriň ahalteke bedewleriniň üýtgeşik mirasyny, milli däp-dessurlary we Türkmenistanyň häzirki zaman medeniýetini dünýä tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança boljakdygy bellenildi.

Tanyşdyrylyş tamamlanandan soň, ilçi duşuşygyň maglumatlary boýunça bilim wiktorinasyny geçirdi. Talyplara Türkmenistanyň taryhy, daşary syýasaty, medeniýeti we milli däp-dessurlary barada soraglar berildi. Soraglara dogry jogap beren iň ünsli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Wiktorinada ýeňiji bolanlaryň birine baş baýrak hökmünde milli türkmen halysy sowgat berildi diýlip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň saýtynda habar berildi.