Turkmenportal logo
Şu gün 12:08
47054705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradow «PFL Charlotte» ýaryşynda Simeon Pauell bilen boljak söweşiniň öňüsyrasynda resmi agram ölçemekden geçdi

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmenistanly ussady Döwletjan Ýagşymyradow britaniýaly Simeon Pauell bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda resmi agram ölçegi tapgyryndan üstünlikli geçdi. Penşenbe güni geçirilen resmi agram ölçemesinde Ýagşymyradow 93,0 kilogram, Pauell bolsa 92,8 kilogram görkezdi. Şeýlelikde, iki türgen hem ýarym agyr agram derejesi üçin bellenilen çäkden geçmedi.

Agram ölçemeden soň söweşijiler däp bolşy ýaly, söweşiň öňüsyrasyndaky resmi dabaranyň çäklerinde «ýüzbe-ýüz nazar bäsleşigi» tapgyryna hem gatnaşdylar.

Ýarym agyr agramdaky bu duşuşyk 8-nji awgustda ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherindäki «Bojangles Coliseum» arenasynda geçiriljek «PFL Charlotte» ýaryşynyň esasy kardynyň çäklerinde bolar.

Bu söweş ozal Nýu-Ýorkda geçirilmegi meýilleşdirilipdi. Emma ýerli atletika komissiýasynyň Simeon Pauelli ozal geçiren operasiýasy sebäpli ýaryşa gatnaşdyrmazlyk kararyna gelmeginiň netijesinde duşuşyk başga güne süýşürildi. Şeýle-de bolsa, garşydaşlar üýtgedilmän saklanyp, ilkinji meýilleşdirilen seneden bir hepde soň duşuşarlar.

Häzirki wagta çenli Döwletjan Ýagşymyradowyň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Simeon Pauell bolsa 12 gezek ýeňiş gazanyp, 2 gezek ýeňildi. Ýaryşyň esasy kardynyň göni ýaýlymy ESPN teleýaýlymy arkaly görkeziler.

Türkmenistanyň garyşyk başa-baş söweş sungatynyň muşdaklary we Döwletjan Ýagşymyradowyň janköýerleri bu duşuşygy «Belet» platformasynda göni ýaýlymda görüp bilerler. Aşgabat wagty bilen deslapky kardyň söweşleri 8-nji awgustda takmynan sagat 04:00-da başlanar. Ýagşymyradow bilen Pauelliň esasy karddaky duşuşygynyň bolsa takmynan sagat 08:30-da başlamagyna garaşylýar.