Turkmenportal logo
Şu gün 11:34
52025202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda gabaw astynda bolan Leningradyň ýaşaýjysy 83 ýaşyny belledi

Russiýanyň Türkmenistanyňdaky ilçihanasynyň işgärleri 4-nji awgustda Aşgabatda ýaşaýan Galina Alekseýewna Mämmedowanyň öýüne myhmançylyga baryp, ony 83 ýaşynyň dolmagy bilen gutladylar.

Galina Mämmedowa häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan gabaw astynda galan Leningradyň ýeke-täk ýaşaýjysydyr. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow oňa «Leningradyň faşistik gabawdan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygynyň hormatyna» diýen hormatly nyşany gowşurdy.

Russiýanyň ilçihanasynyň işgärleri Galina Mämmedowany doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, ruhubelentlik we maşgala abadançylygyny arzuw etdiler.