Turkmenportal logo
Şu gün 11:24
28952895
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekin 2029-njy ýylda Bütindünýä binagärlik paýtagty diýlip yglan edildi
Surat: belta.by

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Pekin şäherini 2029-njy ýyl üçin Bütindünýä binagärlik paýtagty diýip yglan etdi. Degişli çözgüt Bütindünýä Binagärlik paýtagty boýunça birleşen geňeşiň hödürnamasy esasynda kabul edildi.

«Binagärligiň bütindünýä paýtagty» maksatnamasy ÝUNESKO hem-de Binagärleriň halara bileleşigi tarapyndan esaslandyryldy. Ol şäher meýilnamalaşdyrylyşynda, durnukly şäher ösüşini öňe sürmekde, medeniýeti hem-de mirasy wagyz etmekde binagärligiň özgerdiji ornuny nygtaýar.

ÝUNESKO tarapyndan bu at her üç ýyldan Binagärleriň halkara bileleşiginiň Bütindünýä maslahatyny kabul edýän şähere gowşurylýar.

Pekin «dünýäde baý binagärlik mirasyny we durnukly şäher ösüşine uzakmöhletleýin çemeleşmäni sazlaşdyrmakdaky özboluşly ukyby» üçin saýlandy diýlip, guramanyň habarynda bellenýär.