Turkmenportal logo
Şu gün 11:21
27732773
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real» Ýan Diomandeniň klubyň düzümine kabul edilendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň «Real» kluby Kot-d’Iwuaryň hüjümçisi Ýan Diomandeniň Germaniýanyň «Leýpsig» klubyndan öz toparyna geçýändigini resmi taýdan mälim etdi. Bu barada ispan klubynyň resmi saýtynda habar berildi.

Resmi beýannama görä, «Real Madrid» bilen «RB Leýpsig» klublary futbolçynyň transferi boýunça ylalaşyga geldi. Şoňa laýyklykda Diomande ýedi möwsümiň dowamynda Madridiň klubynda çykyş eder. Taraplaryň arasynda baglaşylan şertnama 2033-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Klubyň resmi saýty transferiň maliýe şertlerini aýan etmeýär. Şeýle-de bolsa, Ispaniýanyň we Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Sky teleýaýlymynyň žurnalisti Florian Plettenbergiň hem-de žurnalist Fabrisio Romanonyň berýän maglumatlaryna görä, transferiň esasy bahasy takmynan 125 million ýewro deňdir. Mundan başga-da, belli şertler ýerine ýetirilen ýagdaýynda goşmaça 15 million ýewro çenli bonus tölenip bilner. Şeýlelikde, geleşigiň umumy bahasy 140 million ýewra golaýlap biler.

19 ýaşly Diomande Ispaniýanyň «Leganes» klubynyň futbol mekdebiniň ýetişdiren oýunçysydyr. Klub ony 2025-nji ýylda «Leýpsige» satypdy. Şol wagt baglaşylan ylalaşyga laýyklykda «Leganes» häzirki transferiň bahasyndan takmynan 5 göterim möçberinde paý alar. Geçen möwsümde Diomande Germaniýanyň Bundesligasynda «Leýpsigiň» düzüminde 33 duşuşyk geçirip, 12 pökgi geçirdi we 9 netijeli pas berdi. Şeýle hem ol 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi.

Bu «Real» üçin tomusky transfer penjiresinde eýýäm klubyň düzümine goşulan bäşinji täze oýunçy boldy. Mundan ozal klub Mark Kukurelýa, Ibraima Konate, Bernardu Silwa we Denzel Dýumfris bilen şertnama baglaşandygyny yglan edipdi.