Turkmenportal logo
Şu gün 09:54
918918
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýürek lukmany gülkiniň peýdasy barada gürrüň berdi
Surat: ria.ru

Gülki arterial basyşy peseltmäge we ýürek damarlarynyň çeýeligini gowulandyrmaga ýardan edýär. Bu barada russiýaly kardiolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ýewgeniý Kokin «Life.ru» neşiri bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Kokin gülkiniň şeýle hem ýürek urgusyny kadalaşdyrmakda, gipertoniýa keseliniň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolan ötüşen stresi gowşatmaga kömek edýändigini belledi.

Lukmanyň sözlerine görä, gülki ýürek kesellerine garşy derman serişdelerini çalyşmaýar, şeýle hem oňa özbaşdak bejergi usuly hökmünde garamaly däldir. Kokin gürrüňiň birbada täsir däl-de, eýsem, yzygiderli esasda uzak möhletleýin peýda edýändigi barada barýandygyny sözüniň üstüne goşdy.