Turkmenportal logo
Şu gün 08:54
34383438
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real» kluby Winisius bilen şertnamasyny 2032-nji ýyla çenli uzaltdy

Madridiň «Real» kluby braziliýaly hüjümçi Winisius Žunior bilen baglaşan şertnamasyny uzaltdy. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berildi.

26 ýaşly hüjümçi bilen baglaşylan täze şertnama 2032-nji ýyla çenli hereket eder.

Mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Winisiusyň şertnamany uzaltmak üçin «Realdan» 80 million ýewro möçberinde bonus talap edendigini, şeýle hem klubyň onuň şekilini we keşbini täjirçilik maksatly ulanmak hukuklaryndaky paýyny 50 göterimden 80 göterime çenli ýokarlandyrmagy isleýändigini habar beripdi.

Iýul aýynyň ahyrynda Londonyň «Arsenal» klubynyň futbolça gyzyklanma bildirýändigi barada maglumat ýaýrady. Habarlarda iňlis klubunyň wekilleriniň Winisius bilen şahsy şertnamanyň şertleri boýunça deslapky ylalaşyga gelendigi we «Reala» 135 million ýewro möçberinde transfer teklibini iberendigi bellenildi.

Winisius 2018-nji ýylyň tomsundan bäri Madridiň «Real» klubunda çykyş edýär. Onuň öňki şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylyň tomsunda tamamlanmalydy. «Realyň» düzüminde ol üç gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we iki gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi adyna eýe boldy. 2024-nji ýylda bolsa Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) wersiýasy boýunça möwsümiň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edilipdi.