«Al-Nasr» toparynyň we Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu öz ulaglaryny köpçülige görkezdi. Kaşaň ulaglarynyň fotografiýalaryny sosial torda çap eden meşhur futbol oýunçysy: «Meniň oýunjaklarym» diýip ýazdy.
41 ýaşly ýyldyz futbolçynyň suratlaryny paýlaşan awtoulaglarynyň arasynda «Ferrari» we «Bugatti» brendlerine degişli bolan Ferrari Monza SP2, Ferrari Daytona SP3 giperkarlary hem-de Ferrari Purosangue we Ferrari SF90 krossowerleri bar. Şeýle hem çäkli sanda, ýagny bary-ýogy 10 sanysy çykarylan Bugatti Centodieci kysymy we Bugatti Veyron Grand Sport Vitesse bar.

Futbolçynyň awtoulaglarynyň jemi bahasy takmynan 18-20 million dollara deň diýip, «Daryo.uz» habar berdi.