Turkmenportal logo
Şu gün 15:26
18991899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda ilkinji gezek uçarmansyz ýolagçy howa taksisiniň uçuşy amala aşyryldy

Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek Astanada bortunda adam bolan uçarmansyz ýolagçy howa ulagy üstünlikli uçuşy amala aşyrdy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy komiteti habar berdi.

Dikligine uçup-gonup bilýän elektrik howa ulagynyň (eVTOL) EH216-S kysymynyň görkezme uçuşy «Geljegiň oýunlary – 2026» halkara ýaryşynyň çäklerinde paýtagtyň ýörite rugsat berlen howa giňişliginde geçirildi.

Ministrligiň berýän maglumatyna görä, bu howa ulagy iki ýolagçyny daşamak üçin niýetlenendir. Ol sagatda 130 kilometre çenli tizlige ýetip, 35 kilometre çenli aralygy geçmäge ukyplydyr.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynda Gazagystanda ýurduň tebigy, medeni we taryhy gözel ýerleriniň üstünden 5 minutdan 30 minuta çenli dowam etjek görkezme hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça işe girizmek meýilleşdirilýär. Geljekde bolsa uçarmansyz ýolagçy howa ulgamlarynyň ulag infrastrukturasynyň beýleki ulag görnüşleri bilen bir hatarda onuň möhüm bölegine öwrülmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, ministrlik uçarmansyz awiasiýa ulgamlaryny gyssagly lukmançylyk kömegini bermekde, derman serişdelerini eltmekde, ýangynlary söndürmekde hem-de tiz hereket etmegi talap edýän logistika işlerinde ulanmagyň mümkinçiliklerine hem garaýar.