Turkmenportal logo
Şu gün 14:58
29142914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kassis: Türkmenistan dialogy we durnuklylygy ýokarlandyrmakda ÝHHG-niň gymmatly hyzmatdaşydyr

Türkmenistan Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) dialogy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy öňe sürýän işinde gymmatly hyzmatdaşydyr, Merkezi Aziýa bolsa gurama üçin strategik ähmiýete eýedir. Bu barada ÝHHG-niň baş­lyk­lyk ed­ýän Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy In­ýa­sio Kas­si­s Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň netijeleri boýunça mälim etdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

«Merkezi Aziýa ÝHHG üçin strategik ähmiýete eýedir, Türkmenistan bolsa dialogy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy öňe sürmekde gymmatly hyzmatdaşdyr» diýip, Kassis belledi.

Saparyň dowamynda In­ýa­sio Kas­si­s Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygy, şeýle hem guramanyň howpsuzlygynyň ähli üç ölçegi boýunça bilelikdäki tagallalary berkitmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Kassis, şeýle hem Aşgabatdaky ÝHHG Merkeziniň kabul ediji tarap bilen konstruktiw dialogy ösdürmäge goşant goşýandygyny belledi.

Mundan başga-da, In­ýa­sio Kas­si­s Aşgabatdaky ÝHHG Merkeziniň işgärleri bilen duşuşyp, olara guramanyň Türkmenistandaky mandatyny ýerine ýetirmäge ygrarlylygy we ýurduň häkimiýetleri hem-de raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistana sapar Kassisiň sebit duşuşyklarynyň bir bölegi boldy, ol ozal Azerbaýjana baryp gördi. Güýz paslynyň ahyrynda bolsa Ermenistana we Gruziýa sapar etmegi meýilleşdirilýär, diýlip habarda bellenilýär.