Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 14 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi. Bu barada «Report» habar berdi.
Türkmenistan hasabat döwründe Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 13-nji ýeri eýeledi. Ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjana baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sany 1 million 92,6 müňe deň bolup, şonuň 1,3 göterimi türkmenistanly syýahatçylardyr.
Habarda bellenilişine görä, 6 aýyň dowamynda Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany babatda Russiýa, Türkiýe we Eýran öňdäki orunlary eýeleýärler.