Turkmenportal logo
Şu gün 12:30
36983698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fermadan tekjelere çenli: «Täze aý» şöhlat we ýarym taýýar önümleriniň 100-den gowrak görnüşini nädip öndürýär?

Dükandaky sowadyjylaryň tekjesinden şöhlat ýa-da ýarym taýýar önümleri alýanlaryň köpüsi: «Bu önümiň ýoly aslynda nireden başlandyka?» diýip oýlanýan däl bolsa gerek. Şol soragyň jogaby köplenç haýran galdyrýar — ol önümçilik sehinden ýa-da gaplamadan däl-de, öri meýdandan, mal ýatakdan we weterinar barlagyndan başlanýar. Alyjylar üçin adatça nämälim bolan zatlary görkezmegi ýüregine düwen «Täze Aý» türkmen kompaniýasynda önümçilik şeýle guralandyr. 

Fermadan gelýän mallar 3 tapgyrda barlanýar:

1.     Soýulmanka daşky we weterinariýa barlagy

2.     Soýulandan son etiniň temperaturasynyň barlagy

3.     Laboratoriýada düýpli barlag

«Täze aý» kompaniýasynyň işiniň esasy özboluşlylygy — önümçilikde ulanyljak etler üçin mallary hökmany weterinariýa barlagyndan geçirilenden soň, her bir mal üçin saglygyny kepillendirýän forma №1 şahadatnamasy alnyp ýöriteleşdirilen ulagda soýumhana ugradylýar, ol ýerde mal soýulandan soňra etiniň temperaturasyny ýörite enjamda barlanýar, soňra labaratoriýada döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri şeýle-de “Täze aý” kompaniýanyň ussat hünärmenleri etiň hilini düýpli barlanyp, her bir malyň etiniň iýmit üçin ýaramlylygyny kepillendirýän forma №2  şahadatnamasy alynýar. Ol ýerden ähli önümçilik sehlerine ugradylýar.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Täze aý» kompaniýasynyň şöhlat sehine, barlaghanalardan  geçip gelýän etleri ýene bir gezek barlanyp, soňra önümçülige berilýär. her günde öndürilýän şöhlat, et we ýarym taýýar önümlerini söwda nokatlaryna ugradylmanka ýene bir gezek barlanyp öndürlen önümiň fiziki-himiki we bakteriologiki barlagyny geçirip ugradylýar. Kompaniýa häzirki zaman tehnologiýalary bilen hünärlermiziň ussatlygyny utgaşdyryp, däp bolan tagamlary bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyga eýe boldy.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, hut şeýle ýapyk aýlawly tapgyr taýýar önümleriň howpsuzlygyny, ýokary hilini we tagam aýratynlyklaryny kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

«Halal» standartynyň bu ýerde diňe bir marketing üçin ulanylman, eýsem, mallary iýmitlendirmekden başlap tä eti soňky tapgyrda gaýtadan işlemäge çenli gündelik önümçilik amallaryna doly ornaşdyrylandygyny bellemek gerek.

Halkara standartlara laýyklygyň tassyklanmagy hem bu ýerde diňe bir kagyz ýüzündäki ýazgy däl. «Täze Aý» ISO 22000:2018 (iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň dolandyryşy) we ISO 9001:2015 (hil dolandyryşy) halkara standartlary esasynda işleýär — diýmek, gözegçilik tötänleýin däl-de, takyk resminamalaşdyrylan we yzygiderli barlanylýan standartlar boýunça ýola goýlandyr.

«Täze Aý» kompaniýasynyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

800522 1 82 30,  800522 1 82 39   +993 61 26 24 56,

 info@tazeay.com.

Salgysy: Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary etraby, «Täze oba» daýhan birleşigi.