Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurtda kriptopula rugsat berýän kanuna gol çekdi. Resminama hukuknamalaryň resmi portalynda ýerleşdirildi diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.
Kanun sanly puly emläk hökmünde ykrar edýär, olaryň dolanyşygyna umumy talaplary girizýär we kriptopula hukuklaryň kazyýet goragyny göz öňünde tutýar.
Şunlukda, Russiýanyň raýatlary ýurduň biržalarynda kriptopula erkin maýa goýup we brokerleriň hem-de degişli kompaniýalaryň, şeýle-de geleşikler baglaşylanda, kriptoçalşyjylaryň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Bu ulgamy sazlaşdyrmak we gözegçilik etmek bilen Russiýa Federasiýasynyň Merkezi banky meşgullanmakçy.