Turkmenportal logo
Düýn 10:35
58985898
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkic World» Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygy we onuň geçişini ýörite bölümde şöhlelendirer

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Turkic World» halkara habarlar internet-portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleriniň hem-de onuň geçirilişini ulgamlaýyn esasynda maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisine bagyşlanan ýörite bölümde resmi habarlar, maglumatlar, şeýle hem bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görülmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreler barada habarlar yzygiderli çap ediler. Mejlisiň geçirilýän günlerinde bolsa, bu bölüm onuň barşy, esasy çykyşlar, kabul edilen çözgütler hem-de öňe sürülýän başlangyçlar barada maglumatlar bilen yzygiderli täzelenip durlar.

Ýörite bölümiň döredilmegi Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy bilen «Turkic World» halkara habarlar internet-portalynyň bilelikdäki işiniň netijesi bolup, ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişini hemmetaraplaýyn beýan etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty barada halkara jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat ýetirmäge gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişi bilen baglanyşykly neşirler «Turkic World» halkara habarlar internet-portalynyň şu salgysyndaky ýörite mowzuklaýyn bölüminde ýerleşdiriler: https://turkic.world/tm/latest/