Turkmenportal logo
Düýn 09:15
52685268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýerli eneleri çekmek bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramak teklip edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, gaznanyň wise-prezidenti ýerli eneleri çekmek bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy teklip edip, olara ýokary hünär derejeli şepagat uýalarynyň ýa-da laktasiýa boýunça hünärmenleriň sapak berip biljekdiklerini aýtdy. Ol bu çemeleşmäniň käbir derejede eýýäm tejribede ulanylýandygyny, ýöne muny yzygiderli esasda ýurduň her bir künjeginde durmuşa geçirmegiň mümkindigini belläp, munuň üçin tagalla etmegiň gerekdigini aýtdy we bu işi doly amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşma-gynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maş-gala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady.