Turkmenportal logo
05.08.2026
83698369
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wise-premýer R.Meredow ÝHHG-niň başlygy bilen duşuşyk geçirdi 

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wis-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň ýolbaşçysy we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) häzirki başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝHHG-niň işiniň derwaýys meselelerini, Türkmenistan bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we amaly häsiýete eýedigi hem-de guramanyň işiniň ähli üç ugruny öz içine alýan ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň taslamalarynyň ýyllyk Meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýandygy bellenildi.

Taraplar ÝHHG-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda ýokary derejeli sebitleýin çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar, şeýle hem ozal geçirilen bilelikdäki çäreleriň netijelerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge we öňdebaryjy tejribäni alyşmaga gönükdirilen, ýakyn wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe bilelikdäki çäreleri taýýarlamagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.