Turkmenportal logo
05.08.2026
54265426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak bulut» ýewropa standartlaryna laýyk gelýän Petek (Grilýato) metal potoloklaryny hödürleýär

«Ak bulut» kompaniýasy nemes inženerleriniň gatnaşmagynda doly awtomatlaşdyrylan önümçilik liniýalarynda öndürilen Petek (Grilýato) metal asma potoloklaryny hödürleýär. Bu önümler ýokary takyklygy bilen tapawutlanýar we Ýewropanyň inženerçilik kadalaryna doly laýyk gelýär.

Öýjük görnüşindäki gurluş inženerçilik kommunikasiýalarynyň ynamly gizlenilmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, olara päsgelçiliksiz elýeterliligi saklaýar hem-de binanyň ýangyn hоwpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Potoloklar uzak möhletleýin hem-de çyglylyga çydamly bolup, dogry akustiki gurşawy döredýär. Önümleriň ýokary hili Ýewropanyň CE belgisi bilen tassyklanylandyr.

Kassetaly potoloklar täjirçilik we dolandyryş binalary üçin örän amatlydyr, olar inženerçilik kommunikasiýalaryna amatly elýeterliligi üpjün edýär. Gizlin berkitmeli ulgamlar bitewi metal gatlagynyň täsirini döretmäge mümkinçilik berýär we minimalist dizaýn ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Öýjükli görnüşli Petek potoloklary uly giňişliklerde — söwda merkezlerinde, demirýol menzillerinde, awtosalonlarda we jemgyýetçilik binalarynda uly islegden peýdalanýar. Olar howa we howpsuzlyk ulgamlarynyň netijeliligini saklamak bilen, inženerçilik torlaryny gizlemäge ýardam berýär.

Ýola goýlan halkara logistika kompaniýanyň sebitiň iň iri infrastruktura taslamalaryny gurluşyk serişdeleri bilen öz wagtynda üpjün etmegine mümkinçilik döredýär.

Habarlaşmak üçin:

+993 62 14 00 44

+993 62 24 00 44

+993 12 75 42 44

Elektron poçta salgysy:

info.akbulut.es@gmail.com

export@akbulut.info

Saýt: www.akbulut.com.tm