Türkmenistanyň ady rowaýata öwrülen «Güneş» wokal-instrumental ansamblynyň ilkinji albomy «Melodiýa» firmasy tarapyndan gaýtadan neşir edildi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
«Güneş» ady bilen çykarylan winil plastinkasy ilkinji gezek 1980-nji ýylda neşir edilipdi. Indi bolsa, 45 ýyldan gowrak wagtdan soň, sowet jaz-rok we gündogar fýužn stiliniň ajaýyp nusgasy hasaplanýan bu albom ýene-de diňleýjilere ýetirildi.
Bu albom soviet groove žanrynyň iň gymmatly aýdym-saz miraslarynyň biri hasaplanýar. Onuň ilkinji neşiri «Melodiýa» firmasynyň redaktory Wladimir Ryžikowyň hem-de ses režissýory Rafik Rahimowyň tagallasy bilen taýýarlanypdy. Alboma Myrat Sadykowyň ýerine ýetiren aýdymlary, türkmen halk aýdymlarynyň täzeden işlenen görnüşleri we 11/8 ölçegdäki «Gündogar sowgady» («Восточный сувенир») atly instrumental kompozisiýa girizilipdir.
Aýdym-saz žurnalisti hem-de gaýtadan neşire ýazylan teswiriň awtory Denis Boýarinow şeýle belleýär:
«Melodiýa» firmasy tarapyndan ýazgy edilen «Güneş» ansamblynyň ilkinji doly göwrümli albomy döredijilik kuwwatynyň iň ýokary döwrüni başdan geçirýän, uly döredijilik üstünlikleriniň bosagasynda duran ussat aýdym-saz toparynyň aýdyň keşbidir».
«Güneş» ansambly 1970-nji ýylda Aşgabatda döredilýär. «Güneş» topary şol döwürde aýdymçy Myrat Sadykowyň töwereginde jemlenýär. 1970-nji ýyllaryň ortalaryna çenli ansambl etno-jaz-rok ugrunda çykyş edýän döredijilik topary hökmünde doly kemala gelýär.
1980-nji ýylda Tbiliside geçirilen «Bahar ritmleri. Tbilisi-80» festiwalynda «Güneş» ansambly ikinji orna mynasyp bolýar. Toparyň deprekçisi Rişad Şafiýew bolsa festiwalyň iň gowy deprekçisi diýlip ykrar edilýär. «Güneşiň» döredijilik usuly köplenç «dördünji akym» diýlip häsiýetlendirilýär. Bu ugur etnik sazy häzirki zaman aýdym-saz žanrlary bilen utgaşdyrýar. Ansambl 1999-njy ýyla çenli işjeň döredijilik işini alyp barýar.
«Güneş» albomyny satyn almak üçin şu salgylanmadan peýdalanyp bilersiňiz.