Birleşen Milletler Guramasy dünýäde adatdan daşary yssynyň güýçlenmek ähtimallygy barada duýduryp, döwletleri howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreş çärelerini işjeňleşdirmäge çagyrdy.
Baş sekretar Antoniu Guterrişiň sözlerine görä, barha güýçlenýän El-Nino tebigy hadysasy golaý aýlarda howanyň temperaturasynyň öňki rekordlarynyň täzelenmegine eltip biler.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň çaklamasyna görä, şu ýylyň awgusty-oktýabry aralygynda Ýeriň köp böleginde howanyň derejesiniň kadadan ýokary bolmagyna garaşylýar.
BMG-niň ýolbaşçysy şeýle hem soňky aýlarda dünýäde güýçli yssy tolkunlarynyň, iri tokaý ýangynlarynyň we ummanyň üstüniň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň hasaba alnandygyny belledi.
Hünärmenler El-Nino hadysasy guraklyk, sil joşmalary we tokaý ýangynlary ýaly tebigy heläkçilikleriň güýçlenmegine ýardam edip biler diýip çaklaýarlar.